Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 66:3 - Mukaddes Kitap

3 «Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 «Өз ёлларыны сайлаянлар, неҗис ишлеринден леззет алянлар бар. Өкүзи гурбанлык берйән адам өлдүрен билен деңдир, гузыны гурбанлык берйән итиң бойнуны яздыран ялыдыр; галла садакасыны берыән доңзуң ганыны хөдүрлән билен деңдир, якымлы ыслы түтетги түтедйән бута сежде эден ялыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 66:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok.


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Butparaz seždegählerine girmek üçin, özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler, şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň Hagaý şeýle diýdi: «Reb: „Bu halk, bu millet hem Meniň nazarymda şeýledir“ diýýär. „Olaryň edýän ähli işleri-de şeýledir, şonuň üçin olaryň hödür edýän zatlarynyň hemmesi murdardyr.


Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.


Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.


Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».


Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.


Olar täze hudaýlary saýlan wagty uruş gala derwezesine gelip ýetipdi. Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ