Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 66:24 - Mukaddes Kitap

24 Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Олар даша чыкып, Маңа гаршы баш галдыранларың җесетлерини гөрерлер. Оларың җесетлерини иййән гурт өлмез, олары якян от сөнмез; олар бүтин адамзада йигренҗи боларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 66:24
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.


Pitneçiler we günäkärler birlikde gyrlarlar, Rebbi terk edýänler-de ýok bolarlar.


Güýçlüler çöpe dönerler, işleri uçguna meňzär, işleri-de, özleri-de oda ýanarlar, ol ody söndüren bolmaz.


Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi.


Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.


Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.


Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Güýe olary eşik kimin iýer, olary ýüň kimin iýer güýe; Men bolsa sizi elmydama azat ederin, asyrlar boýy sizi halas ederin».


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Iýerusalimiň garşysyna urşan milletleri Reb şu belalar bilen jezalandyrar: heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ