Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 66:22 - Mukaddes Kitap

22-23 «Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22-23 «Мениң яратҗак тәзе гөгүмиң, тәзе еримиң гөзүмиң алнында дурушлары ялы, сизиң несиллериңиз билен адыңыз-да шейле болар. Хер Тәзе Ай байрамында, хер Сабатда әхли ынсанлар хузурыма гелип, Маңа ыбадат эдерлер». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 66:22
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».


«Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez.


Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar.


Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.


«Reb şeýle diýýär: „Gündiz bilen gije öz wagtynda bolmaz ýaly, Meniň gije-gündiz baradaky ähtimi bozup bilseňiz,


onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar.


Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, çünki Men gözüňiziň alnynda öňki abadançylygyňyzy dikeldip, dünýäniň bütin halklarynyň arasynda size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Emma biz Hudaýyň wadasyna esaslanyp, dogrulygyň mekany bolan täze asmana we täze ýere garaşýarys.


Onsoň men bir täze gök bilen bir täze ýer gördüm. Çünki öňki gök we ýer aýrylypdy. Indi hiç bir deňiz hem ýokdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ