Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 66:20 - Mukaddes Kitap

20 Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Ысрайыл огулларының галла садакасыны халал гапда Реббиң өйүне гетиришлери ялы, олар хем сизиң доганларыңызың барыны атларда, сөвеш арабаларында, ат арабаларында, гатырлардыр дүелерде әхли миллетлериң ичинден топлап, Мениң мукаддес дагыма – Иерусалиме Реббе пешгеш хөкмүнде гетирерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 66:20
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


«Emma siz Rebbi terk edýänler, mukaddes dagymy unudýanlar, täleý buty üçin saçak ýazýanlar, kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,


Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ