Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 66:15 - Mukaddes Kitap

15 Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Чүнки Реб алав билен гелйәр, сөвеш арабалары түвелей дек, ловлаян газабыны, кәйинҗини ялынлы алав кимин дөкер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 66:15
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Rebbiň buýruklary dogrudyr, olar ýüregi şatlandyrýar. Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr, olar gözleri nurlandyrýar.


«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»


Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.


Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň sadyk söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.


Hudaý ysraýyl halkyny söýýär, Ol hemişe Öz halkyna wepadar. Dünýäniň dört künjegi Hudaýymyzyň ýeňşini gördi.


Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden pürepür olar.


Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa parahat agyllar dargady.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Şonuň üçin Reb ýahuda halkyna we Iýerusalim ilatyna şeýle diýýär: «Sürülmedik ýeriňizi sürüň, tikenleriň arasyna ekin ekmäň.


Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? Ol näme üçin durup bilmedi? Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.


Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy?


Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ