Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:7 - Mukaddes Kitap

7 Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Сизиң языкларыңызың, дагларда якымлы ыслы түтетги якып, депелерде Мени әсгермезлик эден аталарыңызың языкларының алмытыны берерин. Өңки эден ишлерини өлчәп, олары башларына гетирерин» диййәр Реб.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:7
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.


Muňa garamazdan, seždegähler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar.


Muňa garamazdan, ol seždegähleri aýyrmady. Halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp, gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy.


Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.


Mundan başga-da, Ýehoram Ýahuda daglygyndaky butlara seždegähleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb diýýär.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


bu etmiş belent diwarda peýda bolup opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar; diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.


Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».


Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.


Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.


Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.


Şeýle ýazylandyr, ine: «Men dymmaryn, bererin almytlaryny; hawa, almytlaryny gursaklaryna bererin.


Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».


Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy? Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Ol daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna göz dikmez, goňşusynyň aýaly bilen zyna etmez ýa-da aýalynyň aýbaşyly wagtynda onuň bilen ýatmaz.


Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.


Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.


Diri galanlaryňyz bolsa öz etmişleriňiz we atalaryňyzyň etmişleri zerarly duşmanlaryňyzyň ýurdunda çüýrärsiňiz.


Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!


Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ