Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:6 - Mukaddes Kitap

6 Şeýle ýazylandyr, ine: «Men dymmaryn, bererin almytlaryny; hawa, almytlaryny gursaklaryna bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шейле языландыр, ине: «Мен дыммарын, берерин алмытларыны; хава, алмытларыны гурсакларына берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.


Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.


Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.


Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Men uzak wagtlap dymdym, ümsüm bolup, Özümi sakladym; indi dogurýan aýal dek çygyraryn, sojap dem alaryn.


Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.


Şulara garamazdan, ýa Reb, saklanjakmy Sen? Dymyp, şeýle gazaply ezýet berjekmi bize?


Şäherden bir güýçli ses, ybadathanadan bir ses eşidilýär! Duşmanlarynyň jezasyny berýän Rebbiň sesidir bu!


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi.


Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».


Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?


Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ