Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олар габырларың арасында отурып, гизлин ерлерде гиҗәни өтүрйәрлер; доңуз этини иййәрлер, харам эт гайнадярлар газанларында.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:4
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Butparaz seždegählerine girmek üçin, özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler, şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr.


Alaryn agyzlaryndan ganly etlerin, dişleriniň arasyndan nejisliklerin. Aman galanlar Hudaýymyza degişli bolar, Ýahudanyň tiresi ýaly bolar, Ekron ýabuslar kimin bolar.


Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.


Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi.


Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy.


Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.


Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz.


Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.


Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ