Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:23 - Mukaddes Kitap

23 Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Олар бидерек зәхмет чекмезлер, чага догурмазлар бетбагтлык үчин, оларың өзлери-де, несиллери-де Реббиң ялкан зүрятлары болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:23
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Perzentleri ýanlarynda, zürýatlary gözleriniň alnynda.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim, biderek, bihuda sarp etdim güýjümi; ýöne hakym Reb bilendir, sylagym Hudaýym bilendir».


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».


«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.


Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.


Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.


Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar.


Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz.


Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».


Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».


Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?


Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».


Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ