21 Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.
21 Олар җайлар салып, онда яшарлар, үзүм агачларыны экип, мивесини иерлер.
Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.
Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.
Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.
Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.