Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Юртда өзүне ак пата берен, хакыкат Худайының адындан пата берер; юртда ант ичен, хакыкат Худайындан ант ичер. Өңки хасратлар унудылып, гөзлеримден гизленер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:16
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muşakgatyňy unudarsyň, akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.


Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela


Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.


Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.


Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni Ysraýyla edişi ýaly, Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin uly ýol açylar.


Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin, her kes öňümde dyz eper, her bir dil Meni alkyşlar“ diýýär».


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder.


Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ