Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:15 - Mukaddes Kitap

15 Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Адыңызы Өз сайланларыма гаргыш үчин галдырарсыңыз. Хөкмүрован Реб сизи өлүме хөкүм эдип, башга ат берер Өз бенделерине.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb rehimdar we merhemetli, sadyk söýgä baý we giň göwünli,


Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, erbetleriň ady çüýreýändir.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar.


Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň bary olaryň adyny gargyş hökmünde ulanyp: ‘Goý, Reb seni Babyl patyşasynyň diriligine oda ýakan Sidkiýa we Ahap kimin etsin!’ diýerler.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar.


Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „Siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ