Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:13 - Mukaddes Kitap

13 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мунуң үчин Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Бенделерим иерлер, сиз болса ач боларсыңыз; бенделерим ичерлер, сиз болса сувсарсыңыз; бенделерим шатланарлар, сиз болса утанҗа гойларсыңыз;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:13
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».


Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr, emma erbetleriň garny aç galar.


Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.


Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.


Men açyk depelerden derýalar, dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn; çöli köle, gury ýeri suwly çeşmelere öwrerin.


Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.


Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar, hünärmentleriň özleri adamlardyr. Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar; dowla düşer olar, utanja galar.


But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.


Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Rebbi terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ