Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 65:1 - Mukaddes Kitap

1 Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мени сорамаянлара Өзүми аян этдим, агтармаянлар тапдылар Мени. Адымы тутмаян миллете: «Ине, Мен! Ине, Мен!» дийдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 65:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“ diýdim.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Isa ony görende, ýanyna çagyryp: «Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Işaýa hem: «Meni agtarmaýanlar Meni tapdylar, Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim» diýip, Rebbiň sözlerini batyrgaýlyk bilen mälim edýär.


Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ