Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 64:8 - Mukaddes Kitap

8 Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шонда-да Атамыз Сенсиң, я Реб, биз тоюндырыс, Сен күйзегәримиз, Сениң элиңиң ишидирис әхлимиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 64:8
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?


Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.


Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.


Siz bolsa faraona şeýle diýiň: „Reb saňa şeýle aýdýaryn: Ysraýyl Meniň nowbahar oglum.


Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.


Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz, küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy? Ýasalan zat özüni ýasana: «Ol meni ýasamady» diýermi? Şekillendirilen zat şekillendirene: «Onuň düşünjesi ýok diýermi?»


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.


«Bulary ýatla, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl, sen meniň bendämsiň; siz meniň bendämsiňiz, Men ýaratdym sizi, eý, Ysraýyl, Men seni unutmaryn.


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Ysraýylyň Mukaddesi, ony ýaradan Reb şeýle diýýär: «Ogullarymyň geljegi hakda Meni sorag edýäňizmi? Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa?


Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys?


Siz Ybraýymyň däl-de, öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň ýeke-täk bir Atamyz bar, Ol Hudaýyň Özüdir» diýdiler.


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ