Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 64:3 - Mukaddes Kitap

3 Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde, ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Гарашылмаян горкунч ишлери эдениңде, ер йүзүне индиң, өңүңде даглар титрешди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 64:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.


şükür gurbanlyklaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Halklar şatlansyn, joşup nagmalar aýtsyn, çünki Sen halklara adalatly kazylyk edýärsiň, ýer ýüzündäki halklara Sen ýol görkezýärsiň. Sela


Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum, meniň ýüzümi utanç büredi.


Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.


Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir milletde görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görer, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.


Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ