Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 64:11 - Mukaddes Kitap

11 Atalarymyzyň Saňa öwgi aýdan ýeri bolan mukaddes hem gözel öýümiz oda ýandy, ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Аталарымызың Саңа өвги айдан ери болан мукаддес хем гөзел өйүмиз ода янды, әхли эзиз затларымыз хараба өврүлди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 64:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy.


«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler.


Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men Öz halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk eder ýaly hiç kimi saýlamadym.


Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi.


Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.


Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.


Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi.


Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha, Sion gyzyny gara buluda gaplady-la! Ol Ysraýylyň gözelligini gökden ýere taşlady. Ol gahary gelen güni Öz aýagynyň kürsüsini terk etdi.


Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady, mukaddes öýüni terk etdi. Köşkleriniň diwarlaryny duşmanyň eline berdi. Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


«Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.


Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ