Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 64:1 - Mukaddes Kitap

1 Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Гөклери ярып, ашак инседиң, Сен! Өңүңде титрешседи даглар!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 64:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum, meniň ýüzümi utanç büredi.


Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.


Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim; siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz, baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz.


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.


Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb elini ýere degirýär we ýer sarsýar, ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar. Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar, Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.


Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.


Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ