Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:7 - Mukaddes Kitap

7 Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Реббиң эден әхли ишлерине гөрә Онуң ягшылыгыны, алкышларыны, рехимлерине гөрә, Ысрайыл неслине гөркезен бейик мерхеметини, улы ягшылыгыны агзайын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:7
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Dawuda, Süleýmana we halky Ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.


Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.


Olar öz patyşalyklarynda, Seniň beren bolçulygyňda, Seniň beren giň we mes toprakly mekanyňda Saňa gulluk etmediler, öz pis işlerinden el çekmediler.


Sen nury don kimin geýýäň, gökleri çadyr dek gerýäň.


Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.


Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir, açlara nan berýän Oldur, Reb ýesirleri boşadýar.


Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.


Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Seniň tagtyň owaldan bina edilen, Sen barsyň ezelden bäri.


Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.


Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.


«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.


Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?


Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.


Ysraýyl, seni Özüme hemişelik aýalym hökmünde kabul ederin. Dogrulyk, adalatlylyk hem sadyk söýgi, rehimlilik bilen Özüme alaryn.


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ