Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:19 - Mukaddes Kitap

19 Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Овалдан бәри үстлеринден Сен хөкүм сүрмедик, Сениң адың дакылмадык халка меңзедик биз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:19
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.


Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.


Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.


Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.


Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!


Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!


Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Şeýdip, ysraýyl halky Edomyň aman galanlaryna, Maňa degişli bolan ähli milletlere eýelik eder. Muny şu işi bitirýän Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi.


Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Reb tarapyndan saýlanandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar.


Ýa Reb, Sen Segirden çykaňda, Edomdan nyzamly aýak goşaňda, ýer sarsyp titredi, asmandan çagba ýagdy, bulutlardan sil akdy.


Sinaý dagynda Rebbiň öňünde, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde daglar sarsyp lerzana geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ