Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Я Реб, нәме үчин бизи Өз ёлларыңдан азашдырярсың, Сенден горкмазымыз ялы йүреклеримизи гатадярсың? Өз бенделериң хатырасына, Мирасың болан тирелериң хатырасына ыза долан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:17
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.


Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady! Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!


Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.


Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy, ýodalarymy egreltdi.


Olary özleriniň getiren gurbanlyklary bilen harama çykardym, ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban etmäge ýol berdim. Şeýdip, Men olara howp saldym we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim».


Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.


Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi: «Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!»


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ