Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:14 - Mukaddes Kitap

14 Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Дерә инйән мал сүрүси дек, Реббиң Рухы олара рахатлык берди. Өзүңе шөхратлы ат эдинмек үчин халкыңа, ине, шейле ёл гөркездиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.


Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Sen Müsür ýurdunda alamatlar, mugjyzalar görkezdiň. Bu alamatlary Ysraýylda we tutuş adamzat arasynda hem görkezip, şu güne çenli Özüňe at gazandyň.


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:


Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy, onuň bilen bolmady keseki hudaý.


Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy birçene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ