Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:12 - Mukaddes Kitap

12 Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Гудратлы голуны Мусаның сагында йөреден, Өзүне эбеди ат эдинмек үчин өңлериндәки сувы бөлен ниреде?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.


Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.


Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi, şükür ederis Saňa ebedi, şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar.


Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.


Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:


çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn“ diýýän,


Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Sen Müsür ýurdunda alamatlar, mugjyzalar görkezdiň. Bu alamatlary Ysraýylda we tutuş adamzat arasynda hem görkezip, şu güne çenli Özüňe at gazandyň.


Sen alamatlardyr mugjyzalar bilen, güýç-gudrat we äpet elhençlikleriň güýji bilen Öz halkyň Ysraýyly Müsür ýurdundan çykardyň.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy.


derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ