Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:11 - Mukaddes Kitap

11 Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Худайың халкы гечмиши, Реббиң гулы Мусаны ятлады. Сүрүсиниң чопанлары билен биле олары деңизден гечирен ниреде? Өз Мукаддес Рухуны ичлерине салан ниреде?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:11
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.


Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler!


Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,


Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.


Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde, atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.


Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler.


Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Agaç belende ösüp, has güýçlendi, başy baryp, gök asmana direndi, ol dünýäniň çar künjünden görünýärdi.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Gidegon oňa: «Eý, jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ