Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 63:1 - Mukaddes Kitap

1 Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эдомдан, Босрадан гырмызы эшикли гелйән бу ким? Шөхратлы лыбас ичинде бейик гудрат билен йөриш эдйән бу ким? «Дабара билен геплейән, халас этмәге гүйҗи етйән Мендирин!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 63:1
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Eşegini üzüm agajyna, kürresini üzüm agajynyň iň gowusyna daňýandyr ol, şeraba ýuwýandyr eginbaşyny, üzüm şiresine ýuwýandyr donuny ol.


Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Goý, onuň nesli kesilsin, geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Ol deňzi gury ýere öwürdi; olar derýadan pyýada geçdi; Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk.


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?


Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.


Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi.


Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.


Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.


Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar. Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Isa Iýerusalime girende, tutuş şäher: «Bu kim?» diýip, galagopluga düşdi.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


Onuň egnindäki dony gana boýalandy. Bu ak atly «Hudaýyň Sözi» diýlip atlandyrylýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ