Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 62:9 - Mukaddes Kitap

9 Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Хасылыны йыганлар ийип, Реббе алкыш айдарлар, оны топланлар, мукаддес ховлуларымда ичерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 62:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.


Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar.


Samariýa daglarynda ýene-de üzüm agaçlaryny ekersiň. Bag ekenler miwesinden-de iýerler.


Derwezäniň girelgesindäki däliziň töwerekleýin ölçegi altmyş tirsek çykdy.


Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.


Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ