Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 62:6 - Mukaddes Kitap

6 Eý, Iýerusalim, diwarlaryňda gözegçiler goýdum, gije-gündiz asla dymmaz olar. Eý, Rebbe ýatladýanlar, özüňize dynç bermäň,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эй, Иерусалим, диварларыңда гөзегчилер гойдум, гиҗе-гүндиз асла дыммаз олар. Эй, Реббе ятладянлар, өзүңизе дынч бермәң,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 62:6
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň».


Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.


Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.


Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.


Aýlanyp ýören, şäher gözegçileri duşdy maňa. Olardan: «Köňül aşygymy gördüňizmi?» diýip soradym.


Şäherde aýlanyp ýören gözegçiler maňa duşdular; meni urdular, ýaraladylar, şäher diwarlarynyň sakçylary bürenjegimi başymdan aýyrdylar.


Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.


Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.


Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar.


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Öz adyňyň hatyrasyna bizden ýüz öwürme. Öz şöhratly tagtyňy peseltme. Biziň bilen eden ähtiňi ýada sal, ony bozma.


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla. Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!


Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň? Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?


Sesiň çykmasyn diýip, öňden barýan köp adamlar oňa käýediler, emma ol: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyrdy.


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ