Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 62:12 - Mukaddes Kitap

12 Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Олара «Мукаддес халк, Реббиң азат эденлери» дийлер, саңа болса «Худайың агтараны, терк эдилмедик шәхер» дийлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 62:12
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


Sion adalatlylyk bilen halas ediler, toba edenler dogrulyk bilen.


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.


Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.


Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?


Reb şeýle diýýär: «Siz mugt satyldyňyz, yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.


Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.


Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».


Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetirip, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Ol söz berşi ýaly, sizi Özüniň mukaddes halky eder.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ