Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 61:8 - Mukaddes Kitap

8 «Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 «Мен – Реб адалаты сөййәндирин, талаңчылыгы, нәхаклыгы йигренйәндирин. Олара муздларыны такык берерин, олар билен эбеди әхт баглашарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 61:8
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


Olary duşman elinden halas eýledi, olary ýagynyň penjesinden Ol azat etdi.


Rebbiň sözleri sap sözlerdir, toýun küresinde arassalanyp, ýedi gezek saplanan kümüş kimindir.


Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.


Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.


Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.


Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.


Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Emma Hökmürowan Reb adalatlylykda beýgeldiler, Mukaddes Hudaý dogrulykda Öz mukaddesligini görkezer.


Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tizara azat etmäge gelerin, halas edişimi aýan ederin.


«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesihe sadyk bolmaga gönükdirsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ