Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 61:7 - Mukaddes Kitap

7 Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Утанч дерегине ики эссе пай аларсыңыз, рысвалык дерегине мирасыңызда шатланарсыңыз; мунуң үчин сиз ики эссе мүлкли боларсыңыз, эбеди шатлык сизиңки болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 61:7
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.


Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.


sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.


Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.


Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.


Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.


Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ