Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 61:6 - Mukaddes Kitap

6 Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Сизе болса Реббиң руханылары, Худайымызың хызматкәрлери диерлер; сиз миллетлериң байлыгындан леззет аларсыңыз, оларың шөхратына шәрик боларсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 61:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe bil baglaýan kesekileri, Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri, ähtimi berk saklaýanlary,


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn».


Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny, beýleki gurbanlyklary bermekde lewi ruhanylary hiç wagt kemlik etmez“».


Şeýdip, ysraýyl halky indi Menden aýrylmaz, günäleri bilen özlerini haram etmezler. Olar Meniň halkym, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.


Adamlar bize, goý, Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlaryny aýan edýän hyzmatçylar hökmünde garasynlar.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara,


Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ