Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 61:3 - Mukaddes Kitap

3 Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сионда яс тутянларың аладасыны этмәге: күлүң дерегине овадан башатгыҗыны, ясың дерегине шатлык ягыны, гамгын рухуң дерегине алкыш донуны бермәге иберди мени. Реббиң шөхратыны гөркезмек үчин экилен догрулык дуб агачлары дийлер олара.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 61:3
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».


Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.


Ol Rebden alar ak pata, halas edýän Hudaýyndan alar aklanma.


Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.


Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Derwezeleri açyň, sadyk, dogry millet içeri girsin.


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler, gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar. Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin, gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.


Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.


Öwrülip gelenimde, ine, derýanyň kenarynyň her ýan tarapynda köp agaçlar bardy.


Onsoň men – Zakarýa: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar» diýdim. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň perişdesi-de onuň ýanynda durdy.


Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň.


Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar.


Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.


Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ