Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 61:11 - Mukaddes Kitap

11 Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Топрагың өсүмликлерини өсдүриши дек, багың ичиндәки экиленлери гөгердиши дек, Хөкмүрован Реб-де догрулык билен алкышы әхли миллетлериң өңүнде өсдүрер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 61:11
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Hudaý: «Ýerde her dürli ösümlikler emele gelsin. Tohum berýän her dürli ösümlikler we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlar össün. Soňra olaryň tohumlaryndan dürli ösümlikler we agaçlar gögersin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.


Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.


Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.


Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi.


Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.


Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Iýerusalimi berkidip, ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä, oňa ynjalyk bermäň.


Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».


Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar.


Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ