Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?“».
Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.
Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.