Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:7 - Mukaddes Kitap

7 Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotyň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Кедарың әхли сүрүлери яныңа топланар, Небаётың гочлары саңа хызмат эдерлер, олар гурбанлык сыпамда гурбанлык хөкмүнде кабул эдилер, шөхратлы өйүми шөхратландырарын Мен.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: nowbahar ogly Nebaýot, soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema.


Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.


Garaýagyzlygyma bakmaň, Gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.


Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler.


Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler.


Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner.


Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.


Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.


Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.


Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ