Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:5 - Mukaddes Kitap

5 Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шонда олары гөрүп, йүзүң ягтылар, шатлыкдан тирпилдәр йүрегиң, чүнки байлык деңиз үсти билен саңа гетирилер, миллетлериң байлыгы саңа гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:5
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun; Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Çadyryňyň ýerini giňelt, mesgeniňiň perdelerini ger, gaýgyrma; tanaplaryňy uzalt, gazyklaryňy berkit.


Derwezeleriň açyk bolar mydam, milletleriň öz patyşalarynyň baştutanlygynda baýlyklaryny saňa getirerleri ýaly, gije-gündiz ýapylmaz.


Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Bäş çuwal alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişip, ýene bäş çuwal pul gazanýar.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?»


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler.


Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris.


Halklary daga çagyrarlar, ol ýerde dogry gurbanlyklar keserler. Deňizleriň baýlygyny, gumda gömlen hazynany iýerler».


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


Milletler bu şähere öz şan-şöhratlaryny getirip, Hudaýa we Guza hormat bildirerler.


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ