Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:4 - Mukaddes Kitap

4 Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Төвереге сер сал, галдыр башыңы, әхлиси үйшүшип, саңа гелйәрлер. Огулларың узакдан гелерлер, гуҗакда гөтерилер гызҗагазларың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.


Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.


«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin.


Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,


Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.


Ogullaryň howlugyşyp gelerler, seni weýran edenler çykyp giderler.


Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün Aşurdan Müsüre, Müsürden Ýewfrat derýasyna, deňizden deňze, dagdan daga çenli uzaklardan gelerler size.


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar.


Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar.


Indiki Sabat güni bolsa Rebbiň Hoş Habaryny diňlemek üçin tutuş şäher diýen ýaly ýygnandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ