Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:3 - Mukaddes Kitap

3 Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Миллетлер ышыгыңа гелерлер, шалар даңыңың ягтысына.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:3
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.


Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki ýaradan zatlarynyň ählisi, Rebbi alkyşlaň! Eý, janym, Rebbi alkyşla!


Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.


Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:


Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.


Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».


Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Şeýdip, ysraýyl halky Edomyň aman galanlaryna, Maňa degişli bolan ähli milletlere eýelik eder. Muny şu işi bitirýän Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi.


Çünki Reb bize şeýle buýruk berdi: „Ýeriň aňry çägine çenli halas etmek üçin, Seni milletlere nur etdim“».


Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ