Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:22 - Mukaddes Kitap

22 Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men – Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Оларың иң азы уруг болар, гүйчли миллет болар иң эҗизи; Мен – Реб муны өз вагтында тиз амал эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:22
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar.


Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Şeýle zady eşiden barmy? Gören barmy şeýle zady? Ýurt bir günde doglarmy? Bir demde dünýä inermi millet? Emma Sion burgusy tutan dessine ogullaryny dogurdy.


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.


Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.


Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ