Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:16 - Mukaddes Kitap

16 Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Миллетлериң сүйдүни эмерсиң, Сорарсың шаларың гөвсүн. Шонда сен Мен Реббиң Халасгәриңдигими, Пенакәриңдигими, Якубың Гудратлы Худайыдыгымы билерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:16
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.


Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


«Munuň üçin halkym Meniň adymy biler; şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi şol gün bilerler. Ine, bu Mendirin».


«Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr.


Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin.


Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin».


Şonda özleriniň Hudaýy Men-Rebbiň olar bilen biledigimi, ysraýyl halkynyň bolsa Meniň halkymdygyny bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


Milletler bu şähere öz şan-şöhratlaryny getirip, Hudaýa we Guza hormat bildirerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ