Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 60:12 - Mukaddes Kitap

12 Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Саңа хызмат этмедик миллет ве патышалык ёк болар; шол миллетлер бүтинлей вейран эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 60:12
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!»


Goý, onuň nesli kesilsin, geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.


Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.


Saňa hüjüm etse biri, Menden däldir; kim saňa hüjüm etse, saňa boýun eger.


Emma gulak asmadyk her bir milleti köki bilen bütinleý goparyp taşlaryn we ýok ederin».


Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.


Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ