Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Соңра Реббиң сесини эшитдим. Ол: «Кими иберейин? Бизиң үчин ким гидер?» дийди. Мен: «Ине, мен; мени ибер!» дийдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:8
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.


Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi.


Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.


Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“ diýdim.


Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.


Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.


Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.


Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda-da eşidildi.


Soňra Ol meniň gulagyma gaty ses bilen: «Şäheri jezalandyrjak bolýanlaryň her biri eline gyrýan ýaragyny alyp, golaýa gelsin» diýip gygyrdy.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ