Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Онсоң серафларың бири маңа тарап учды. Онуң элинде гурбанлык сыпасындан әтишгир билен алнан көрәп дуран көз барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:6
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi.


Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin.


Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär.


Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ