Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мен хем шейле дийдим: «Мениң дат гүнүме! Мен хеләк болдум, чүнки мен агзы харам адамдырын ве агзы харам адамларың арасында яшаярын. Ине, гөзлерим Шаны-Хөкмүрован Ребби гөрди».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:5
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Peniýelden çykyp barýarka, Gün dogdy. Ol uýlugyna deglendigi sebäpli agsaýardy.


Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.


Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi.


Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.


Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Gözüňiz patyşany gözelliginde görer, uzaklara uzaýan ýurdy görer.


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys!


Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.


Gidegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ