Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Оларың сесине гапының сөелери сарсды, Худайың өйи түсседен долды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:4
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.


Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.


Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.


Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.


Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda-da eşidildi.


bosagalar, tagçalar, bosaganyň garşysyndaky üçtaraplaýyn diwarly eýwança ýerden tagçalaryna çenli agaç gapylydy. Bu tagçalar penjire görnüşindedi.


Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ