Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Олар бири-бирине шейле дийди: «Хөкмүрован Реб мукаддесдир, мукаддесдир, мукаддесдир. Тутуш әлем Онуң шөхратындан долудыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:3
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.


Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar, erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.


Goý, Hudaý bize merhemet etsin, bizi ýalkasyn, üstümize Öz ýüzüniň nuruny saçsyn. Sela


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.


Olara uzak ömür bagyş ederin olara halas edişimi Men görkezerin».


Surnaýyň, şahyň sesleri bilen Patyşamyz–Rebbiň öňünde heşelle kakyň.


Ol Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Ol bizi ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.


Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ