Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Онуң ёкарсында серафлар дурды; херсиниң алты ганаты барды. Олар ганатларының икиси билен йүзлерини, бейлеки икиси билен аякларыны бүрейәрдилер, галан икиси билен-де учярдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:2
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Ylýas muny eşidende, ýüzüni donuna büräp, daşary çykyp, gowagyň agzynda durdy. Ine, bir ses gelip, oňa: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Keruplaryň ikisiniň hem ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi.


Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy.


Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi.


Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.


Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.


Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl.


Ol hatda Öz gullaryna ynam etmeýär, Öz perişdelerinden ýalňyşlyk tapýar.


Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.


Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.


Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler.


Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.


Olaryň ýüzleri şeýledi. Ganatlary bolsa ýokaryk gerilgidi; her jandaryň ganatlarynyň ikisi biri-birine galtaşyp durdy, beýleki iki ganaty bolsa, olaryň bedenlerini örtýärdi.


Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.


Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy.


Olaryň hersiniň dört ýüzi we dört ganaty bardy.


olaryň ganatlary biri-birine degip durdy. Jandarlar ýöränlerinde hiç ýana öwrülmän, her haýsy öz tarapyna göni gidýärdi.


Keruplar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň gapdalyndan ýöreýärdiler. Ýerden galmak üçin keruplar ganatlaryny galdyranlarynda, tigirler-de olaryň gapdalyndan aýrylmaýardylar.


Her haýsynyň dört ýüzi, dört ganaty bolup, ganatlarynyň aşagynda ynsan eline meňzeş bir zat bardy.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.


Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdirýän» diýdi.


Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.


Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär.


Soňra men gökde uçup ýören bir perişdäni gördüm. Ol ýer ýüzünde ýaşaýanlara: her millete we tirä, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


Tagtyň, ýaşulularyň we dört mahlugyň töweregindäki perişdeleriň ählisi ýüzin düşüp, Hudaýa sežde etdiler.


Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ