Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 6:13 - Mukaddes Kitap

13 halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 халкың ондан бири галса-да, юрт ене-де якылар. Эмма дагдан я-да дуб чапыланда көклериниң галышы кимин, мукаддес несил-де юртда көк кимин болар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 6:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.


Çünki ysraýyllar özlerine we ogullaryna olardan gyz alyp, mukaddes tohumy ýerli halklar bilen garyşdyrdylar. Bu hyýanatda baştutanlaryň özleri hemmeden öňde boldular.


Emma indi Hudaýymyz Reb bize, aman galan halka az salymlyk rehim etdi we Öz mukaddes mekanynda orun berdi. Gözümizi nurlandyryp, gulçulygymyzda bize biraz ýeňillik berdi.


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.


Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bir şäherden Ysraýyl üçin söweşe çykan müň adamdan ýüz adam aman galar, beýleki birinden diňe ýüzden onusy aman galar».


Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Tutuş ýurduň, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar. Muny Reb aýdýandyr.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.


Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ