Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:9 - Mukaddes Kitap

9 Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Муңа гөрә адалат бизден узакда, гутулыш бизден дашда; биз нура гарашярыс, йөне диңе гараңкылык; ягтылыга гарашярыс, йөне түмлүкден барярыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:9
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, ýodalarymy garaňkyratdy.


Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi, ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.


Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».


Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.


Şol gün olar awunyň üstünde deňiz güwwüldisi kimin arlarlar, kim ýurda nazar salsa, ine, garaňkylyk hem hasrat; nur gara bulutlar bilen örtüler.


Ählimiz aýy deý arlaýarys, gögerçin deý iňňildeýäris. Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok; halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.


Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.


Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler.


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar.


Sag-salamatlyga garaşdyk, emma hiç gowulyk ýok. Şypa pursadyna garaşdyk, emma oňa derek howp abandy.


Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.


Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.


Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ