Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:7 - Mukaddes Kitap

7 Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Аяклары пислиге ёртяр, бигүнә ган дөкмәге ховлугяр, пикирлери шердир, харабалык, вейранчылык бар ёлларында.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:7
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.


Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir, ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.


Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.


tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,


ýaman niýetli ýüregi, ýamanlyga ýortýan aýaklary,


Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.


Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».


Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.


Olar şäheriň içine girenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky adamlar olary öldürip, gurruk guýa taşladylar.


Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler.


Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.


Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ